Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz. Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler. Isa Atasynyň ähli zady Öz ygtyýaryna berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gitjekdigini bilýärdi. Men Atamyň ýanyndan gaýdyp, dünýä geldim. Indi bolsa dünýäni taşlap, Atamyň ýanyna barýaryn». Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода