Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär. Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy. Nur tümlükde parlaýandyr, tümlük bolsa Ony ýeňip bilmedi. Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi. Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi. Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim. Biziň Isa Mesihden eşidip, size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç tümlük ýokdur.
Выбор основного перевода