Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Çünki meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, Öz sadygyň gabra girmegine Sen ýol bermersiň. Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz. Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi. Onsoň Ol Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi. Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr. Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi. Dawut Ol hakda şeýle diýipdi: „Reb elmydama gözlerimiň öňünde; sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda. Şoňa görä ýüregim begençli, dilim şatlanýar, bedenim hem umyt bilen ýaşaýar. Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň. Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“. Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi. Dawut geljegi öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýipdi: „Hudaý Ony ölüler dünýäsinde galdyrmady, Onuň bedeni gabyrda çüýremedi“. Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys. Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.
Выбор основного перевода