Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý , watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Şonda Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt beýleki şägirtlere: «Ýörüň, bizem gideliň-de, Isa bilen bile öleliň» diýdi. Tomas Oňa: «Agam, biz Seniň nirä barýanyňy bilmesek, ýoly nireden bileli?» diýdi. Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler.
Выбор основного перевода