Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler. Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz. Hudaý Ybraýyma «Seniň san-sajaksyz nesliň bolar» diýip aýdypdy. Şonuň üçin-de, Ybraýym köp milletleriň atasy bolmaga hiç umydynyň galmandygyna garamazdan, imany sebäpli umytdan düşmedi. Ol ýaşynyň ýüze golaýlap, bilinde kuwwatynyň galmandygyna, Saranyň önelgesizdigine garamazdan, imanynda gowşamady. Hudaýyň beren wadasyna şübhelenip, imansyzlyk etmedi. Tersine, imanda berkäp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys. Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy.
Выбор основного перевода