Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý , watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Isa töweregine gözüni aýlady. Öz ýanyna uly mähelläniň gelýänini görüp, Filipe: «Bulara iýer ýaly çöregi nireden satyn alarys?» diýdi. Filip Oňa: «Bularyň her birine bir döwüm çörek satyn almak üçin iki ýüz kümüş teňňe sarp etsek-de ýetmez!» diýip jogap berdi. Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipiň ýanyna gelip: «Eý, aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler. Filip hem muny Andrysa aýtdy. Onsoň Andrys bilen Filip bile gidip, Isa aýtdylar. Filip Oňa: «Agam, Atany bize görkez, bize şol ýeterlik» diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme?
Ýahýanyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Выбор основного перевода