Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran Simun bilen onuň dogany Andrysy gördi. Olar balykçydylar. Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi. Olar hem şol wagtyň özünde torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler. Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary gören badyna çagyrdy. Olar hem kakalary Zebedeý bilen günlükçileri gaýykda galdyryp, Isanyň yzyna düşdüler. Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy. Isa sözüni tamamlandan soň, Simuna: «Kölüň çuň ýerine gidiň-de, balyk tutmak üçin torlaryňyzy suwa taşlaň» diýdi. Simun Oňa: «Halypa! Bütin gije jan etsek-de, hiç zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary ýene taşlaýyn» diýdi. Muny aýdylyşy ýaly edenlerinde, olar şeýle bir köp balyk tutdular welin, torlary-da ýyrtylyp başlady. Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi. Tutan balyklarynyň köpdügine onuň özi we ýanyndakylaryň hemmesi haýran galdy. Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi. Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
Ýahýanyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Выбор основного перевода