Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý , watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi, Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Olar nahar edinip bolanlaryndan soň, Isa Simun Petrusdan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärsiňmi?» diýip sorady. Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Guzularymy otlat» diýdi. Isa ikinji gezek ondan ýene: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, sen, hakykatdan hem, Meni söýýärsiňmi?» diýip sorady. Ol hem Isa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýändigimi Özüň bilýänsiň» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Goýunlarymy bak» diýdi. Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat. Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi.
Ýahýanyň Hoş Habary
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Выбор основного перевода