Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris. Köşgüň duz-çöregini iýýänligimiz üçin, olaryň biziň gözümiziň alnynda patyşany äsgermezlik etmeklerine ýol bermegiň bize gelişmejekdigi sebäpli, biz size hat üsti bilen habar ýollaýarys. Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy. Patyşa (şa aýaly-da onuň ýanynda otyrdy) menden näçe wagtlyk gitjekdigimi we haçan dolanyp geljekdigimi sorady. Men patyşa belli bir möhleti aýdanymdan soň, ol meni goýbermäge razy boldy. Bu adamlar Ýosadagyň agtygy Ýeşuwanyň ogly Ýoýakymyň hem-de häkim Nehemýanyň, şeýle-de ruhany, mürze Ezranyň döwründe ýaşadylar. Bu zatlar bolýan wagty men Iýerusalimde däldim, sebäbi Babyl patyşasy Artakserksiň otuz ikinji ýylynda men onuň ýanyna gitdim. Biraz wagt geçensoň, men patyşadan rugsat alyp, Iýerusalime dolandym. Gelibem, Elýaşybyň Hudaýyň öýüniň howlularynda Tobyýa üçin bir otag taýynlap, nädogry iş edendigini eşitdim. Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim. Eýsem biziň iýip-içmäge hakymyz ýokmy? hiç kimiň çöregini mugt iýmedik. Gaýtam, siziň hiç biriňize agram salmajak bolup, gije-gündiz işläp, zähmet çekdik.
Выбор основного перевода