Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Onsoň Ezra ýerinden turup, ruhanylara, lewilere we bütin ysraýyl halkyna, olaryň şu aýdylany berjaý etjekdiklerine ant içirdi. Şeýdip, olaryň hemmesi ant içdiler. Eger ýerli halklar Sabat güni satmaga harytlar ýa-da galla getirseler-de, biz olardan Sabat we mukaddes günlerde hiç zat satyn almarys. Her ýedinji ýyl biz ýere dynç bereris hem-de algylarymyzyň baryny geçeris. Sidkiýa patyşa Iýerusalimdäki ähli halk bilen äht baglaşyp, gullara azatlyk yglan edeninden soň, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy. Bu ähte görä her kim öz ýewreý guluny we gyrnagyny azat etmelidi, olaryň hiç biri başga bir ýahudylyny gul etmeli däldi.
Выбор основного перевода