Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“ Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin. „Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Goňşusynyň araçäk daşyny süýşürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Köri ýoldan azaşdyrana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Gelmişege, ýetime we dul hatyna adalatsyzlyk eden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Islendik haýwan bilen ýanaşana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Bir atadan ýa-da bir eneden bolan gyz dogany bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Öz gaýynenesi bilen ýatana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Gizlinlikde adam öldürene nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Nähak gan dökmek üçin para alana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. „Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!» Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy. Onsoň Ezra Beýik Hudaý Rebbe alkyş aýtdy. Ähli jemagat elini ýokary galdyryp: «Omyn. Omyn» diýip jogap berdi. Soňra olar ýüzlerini ýere berip, Rebbe sežde etdiler. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun! Ähli halk, goý, «Omyn!» diýsin. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.
Выбор основного перевода