Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim. Onsoň Hizkiýa olara Rebbiň öýünde ammarlary taýýarlamagy tabşyrdy. Olar hem ammarlary taýýarladylar. Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi. Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar. Mundan ozal Hudaýymyzyň öýüniň otaglaryna gözegçi bellenen we Tobyýanyň garyndaşy bolan ruhany Elýaşyp Tobyýa üçin giň bir otag taýynlan eken. Öň şol otagda galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini, gap-gaçlary tabşyryk boýunça lewilere, aýdymçylara we derwezebanlara berilýän gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini hem-de ruhanylar üçin gatançlary saklaýan ekenler. Mundan ozal Hudaýymyzyň öýüniň otaglaryna gözegçi bellenen we Tobyýanyň garyndaşy bolan ruhany Elýaşyp Tobyýa üçin giň bir otag taýynlan eken. Öň şol otagda galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgini, gap-gaçlary tabşyryk boýunça lewilere, aýdymçylara we derwezebanlara berilýän gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini hem-de ruhanylar üçin gatançlary saklaýan ekenler. Soňra ähli ýahudalar ammarlara gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini getirdiler. Ammarlara gözegçi edip, men Şelemýa ruhanyny, Sadok mürzäni, lewilerdenem Pedaýany belledim. Olaryň kömekçisi edip, Matanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany goýdum. Çünki bularyň hemmesi dogruçyl adamlar saýylýardy. Indi olaryň borjy doganlarynyň hakyny paýlamakdy.
Выбор основного перевода