Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Dawut hem-de goşun baştutanlary Asafyň, Heýmanyň hem-de Ýedutunyň ogullaryny hyzmat işi üçin bölüp aýyrdylar. Olar lira, arfa hem kimwal çalyp pygamberlik etmelidiler. Hyzmat işini ýerine ýetirenler şulardyr: Asafyň ogullaryndan: Zakur, Ýusup, Netanýa, Asarela. Bular patyşanyň emrine görä pygamberlik eden Asafyň ogullarydy we onuň garamagyndadylar. Dawudyň, patyşanyň görgüri Gatyň we Natan pygamberiň tabşyrygy boýunça, patyşa lewileri kimwallar, arfalardyr liralar bilen Rebbiň öýünde ýerleşdirdi. Bu tabşyrygy Reb pygamberleriň üsti bilen beripdi. Olar Rebbi alkyşlap, Oňa şükür edip: «Reb ýagşy, Onuň Ysraýyla bolan söýgüsi baky» diýip, nagma aýtdylar. Rebbi alkyşlanlarynda, bütin halk uly şowhun etdi, sebäbi Rebbiň öýüniň düýbi tutulypdy. Olaryň Hudaýyň öýüniň işini edýän garyndaşlarynyň jemi sekiz ýüz ýigrimi iki adamdy. Ata-babalary Emasy, Zakarýa, Paşhur we Malkyýa bolan Pelalýanyň agtygy, Ýerohamyň ogly Adaýa. Dilegde şükür etmäge başlananda öňüni başlaýan, Asafyň neslinden bolan Zabdynyň agtygy, Mikanyň ogly Matanýa. Doganlarynyň arasynda onuň orunbasary Bakbukýa; Ýedutunyň neslinden Galalyň agtygy, Şammuwanyň ogly Abda bardy. Onuň garyndaşlary: Şemagýa, Azarel, Milalaý, Gilalaý, Magaý, Netanel, Ýahuda we Hanany dagy ýörediler. Olaryň ellerinde Hudaýyň adamy Dawudyň saz gurallary bardy. Mürze Ezra hem olaryň öňünden gitdi.
Выбор основного перевода