Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli gurup, ony hem Hudaýa bagyş etdiler. Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini bina etdiler. Olar onuň pürslerini goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. Paseýanyň ogly Ýoýada bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne derwezäni dikeltdi. Olar pürsleri goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler. Onsoň adamlar şahalar getirip, her kim öz öýüniň üçeklerinde, howlularynda, Hudaýyň öýüniň howlularynda, Suw derwezesiniň, Efraýym derwezesiniň ýanyndaky meýdançalarda özlerine çatma dikdiler.
Выбор основного перевода