Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. «Alty ýyl topragyňyza ekin ekip, onuň hasylyny ýygyň. Emma ýedinji ýyl topraga dynç beriň, ony şüdügär edip goýuň. Şonda ondan halkyňyzyň arasyndaky garyplar iýsin, ondan galanlaryny bolsa ýyrtyjy haýwanlar iýsin. Üzüm we zeýtun baglaryňyzy hem şeýle ediň. Alty günläp işläň, ýedinji gün Sabatdyr, ol doly dynçlyk we mukaddes ýygnanyşyk günüdir. Şol gün siz hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, şol Sabat güni Rebbe degişlidir. Emma ýedinji ýyl ýer bütinleý ekişsiz galdyrylsyn. Ol Rebbe bagyş edilen ýyl bolsun. Sen ekin meýdanyňa ekin ekme, üzümçiligiňi pudama. Her ýedinji ýylyň ahyrynda özüňizden alnan karzlary geçiň. Karzlaryňyzy ötmegiň ýoly şeýledir: her bir ysraýylly öz ysraýyl doganynyň karzyny geçsin. Ondan karzyny bermegi talap etmesin, çünki karz geçmekligi Rebbiň Özi yglan etdi. Şonda olar: «Biz edil seniň aýdyşyň ýaly ederis. Bularyň hemmesini yzyna bereris we olardan hiç zat talap etmeris» diýdiler. Onsoň men ruhanylary çagyryp, ähli ýolbaşçylara beren sözlerini berjaý etjekdiklerine ruhanylaryň öňünde ant içirdim. Şol günler men Ýahudada käbir adamlaryň Sabat güni üzüm sykýandygyny, bugdaý desselerini getirip, eşeklerine ýükläp ýörendiklerini gördüm. Şeýle hem olar Sabat güni şerap, üzüm, injir we her hili ýükleri Iýerusalime daşaýardylar. Onsoň men olara Sabat güni hiç zat satmaly däldigini duýdurdym. Şäherde ýaşaýan surlular hem balyk we dürli harytlar getirip, Sabat güni Iýerusalimdäki ýahuda halkyna satýardylar. Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-‑da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim. Onsoň men Ýahudanyň beglerine käýäp, olara: «Sabat gününi harlap, bu edýän işiňiz näme? Siziň atalaryňyz hem şeýle etmänmidi? Ata-babalarymyzyň şeýle edenligi zerarly Hudaýymyz bu belalary biziň başymyza, bu şäheriň başyna getirmänmidi? Siz Sabat gününi harlamak bilen, Ysraýylyň üstünden has-‑da güýçli gazap inderýärsiňiz!» diýdim. Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum. Şondan soň täjirler we dürli haryt satýanlar birki sapar gijäni Iýerusalimiň daşynda geçirdiler. Emma men olara: «Näme üçin gijäni diwaryň düýbünde geçirýärsiňiz? Eger ýene şeýle edäýseňiz, menden eýgilige garaşmaň!» diýip duýduryş berdim. Şondan soň olar Sabat güni gelmediler. Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla! Siz diýersiňiz: «Täze Aý baýramy geçsedi, gallamyzy satarys; Sabat güni basym ötsedi, bugdaýmyzy bazara çykararys. Ölçegi kiçeldip, bahany ulaldyp, galp terezi bilen adamlary aldarys.
Выбор основного перевода