Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Bu gün Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen baglaşýan ähtine ant içip girişersiňiz. Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr. Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady. Olar ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi bütin kalplary, bütin jan-teni bilen agtarmagy äht etdiler. Şonda olar: «Biz edil seniň aýdyşyň ýaly ederis. Bularyň hemmesini yzyna bereris we olardan hiç zat talap etmeris» diýdiler. Onsoň men ruhanylary çagyryp, ähli ýolbaşçylara beren sözlerini berjaý etjekdiklerine ruhanylaryň öňünde ant içirdim. Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi. Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip, men kasam etdim we berjaý etdim.
Выбор основного перевода