Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar. Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär, ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin, ondaky günäkärleri ýok etmek üçin, gazap bilen, gahar ody bilen gelýär. Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz. Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar. Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz. Onuň demi joşup, kekirdege ýetýän çeşme kimindir, milletleri heläkçilik eleginden geçirer, halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.
Выбор основного перевода