Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy. Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder. Daglar mum dek ereýär Rebbiň öňünde – tutuş ýer ýüzüniň Taňrysynyň öňünde. Rebbiň öňünde derýalar ellerin çarpsyn, baýyrlar joşgunly nagmalar aýtsyn, çünki Ol ýer ýüzüne kazylyk etmäge gelýär. Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk eder, halklara ýüz görmezlik bilen kazylyk eder. Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar. Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol. Daglara seretdim, olar titreýärdi, ähli depeler ikiýana yraň atýardy. Daglar Onuň aýak astynda erär, dereler böwsülip, otda ereýän mum ýaly, kertden inýän suw deýin bolar. Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.
Выбор основного перевода