Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar. Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar. Gözel tokaýlarydyr, mes toprakly ýerlerini bütinleý ýok eder Reb, heläk bolar agyr derde ýolugan adam deý. Tokaýlarynda galan agaçlar şeýle az welin, çaga-da sanap, ýazyp biler olary. Ine, Hökmürowan Taňry Reb gudratly güýji bilen keser şahalary, iň beýik agaçlar çapylar, belentlikleri ýere ýazylar. Tokaýyň gür ýerlerini palta bilen çapar, Liwan Gudratly Bolanyň öňünde ýykylar. Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken! «Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn. Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
Выбор основного перевода