Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi. Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy faraonyň elinden – gulçulykdan azat etdi. «Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada eden ähtine sadyk galar. Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar. Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde. Atalarymyza söz berşi ýaly, Ybraýym bilen onuň nesline rehimdarlyk etmegi hiç unutman, guly Ysraýyla ýardam etdi». Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin, Öz mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi. Atamyz Ybraýyma ant içip, şeýle söz berdi: Hudaý Ybraýyma wada berende, Özünden beýik hiç kimiň ýokdugy üçin, Öz adyndan kasam etdi. Ol: «Men, hakykatdanam, seni ýalkap, seniň nesliňi san-sajaksyz köpelderin» diýip ant içdi.
Выбор основного перевода