Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.
Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.
Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler.
Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.
Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.