Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
«Eý, harasada düşüp, teselli tapmadyk muşakgatly şäher! Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup, gök ýakutlar bilen düýbüňi tutaryn. Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin. Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär, ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter, üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz, şirin şerap daglardan damar, bütin depelerden-de joşup akar. Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn, ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar, üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler, bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler. Men olary öz topragynda oturdaryn, Meniň özlerine beren topragymdan indi olar hiç haçan çykarylmaz. Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr. Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar-gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!
Выбор основного перевода