Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
(Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler.) Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi. galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän, Hökmürowan Reb ýene-de şeýle diýýär: «Şeýle günler geler, Men ýurda açlyk ibererin. Emma bu çörek bilen suwuň gytlygy däl-de, Rebbiň sözlerini eşitmek küýsegi bolar. Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar. Milletler muny görüp, öz kuwwatlaryndan utanarlar. Ellerini agyzlaryna tutarlar, gulaklaryny dykarlar. Şol gün her bir pygamber pygamberlik edýän wagtynda görnen görnüşlerden utanar, adamlary aldamak üçin pygamberleriň ýüň donuny geýmez.
Выбор основного перевода