Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
Hizkiýa patyşanyň şalygynyň on dördünji ýylynda Aşur patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryna garşy hüjüm edip, olary basyp aldy. Reb şeýle diýýär: «Seniň ýaraňy bejerip bolmaz, derdiň gutulgysyzdyr. Näme ýaraň üçin perýat edýärsiň? Derdiňe şypa tapylmaz. Ýazygyňyň çökderdigi zerarly, günäleriňiň sansyzdygy sebäpli seni şu güne saldym. Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez. Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.
Выбор основного перевода