Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
Iýerusalimde onuň garşysyna dildüwşük guraldy. Onsoň Amazýa Lakyşa gaçyp gitdi. Emma onuň yzyndan Lakyşa adam iberip, olar ony şol ýerde öldürdiler. Ýahuda patyşasy Hizkiýa Lakyş galasyndaky Aşur patyşasynyň ýanyna habar ýollap: «Hata etdim, meniň ýurdumdan git, talap eden zadyňy bereýin» diýdi. Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýadan bäş ýüz on batman kümüş bilen elli batman altyn talap etdi. Aşur patyşasy serkerdebaşysyny, köşk emeldaryny we wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar Iýerusalime gelip, ýokarky howdanyň arygynyň ýanynda durdular. Bu aryk Çyrpyjy meýdanynyň ýolunda ýerleşýärdi. Mundan soň Aşur patyşasy Sanherip tutuş goşuny bilen Lakyşdaka, nökerlerini Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň we bütin ýahuda halkynyň ýanyna iberdi. Aşur patyşasy baş wezirini uly goşun bilen Lakyşdan Iýerusalime Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Ol gelip, Çyrpyjy meýdanynyň ýolundaky ýokarky howdanyň ýanyndaky ýabyň ýanynda durdy. Ýahudany bütinleý ret etdiňmi? Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi? Näme üçin şypa tapmaz ýaly, bizi beýle ýaraladyň? Biz parahatlyk gözledik, emma haýyr tapmadyk. Şypa wagtyna garaşdyk, emma howp abanýar. Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.
Выбор основного перевода