Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7
Параллельные места
Soňra men ýasan günäli butuňyz bolan göläni alyp, ony otda eretdim. Ony ýenjip, kül ýaly owratdym-da, dagdan akýan çeşmä sepip goýberdim. Ýoşyýa Manaşa, Efraýym, Şimgon, hatda Naftala çenli bolan şäherlerdäki, olaryň töwereklerindäki harabalyklardaky gurbanlyk sypalaryny ýykdy. Aşera butlaryny we beýleki butlary döwüp kül etdi, bütin Ysraýyldaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary ýykdy. Soňra ol Iýerusalime dolanyp geldi. Her köçäniň başynda sen özüňe çadyr gurduň, her bir açyk meýdançada seždegäh saldyň. Sen beýleki lolular ýaly bolmadyň, sebäbi muzdy äsgermediň. Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, seždegähleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar. Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olaryň yzyndan ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy“. Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar. «Şonuň üçin häzir ony ynandyryp, çöle alyp bararyn, onuň ýüregini awlaryn. Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.
Выбор основного перевода