Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar. Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim. Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin. Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.
Выбор основного перевода