Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe! Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin. „Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr. Eý, Ýermeýa, sen-de bu halk üçin dileg etme, olar üçin dady-perýat etme, ýalbarma, çünki betbagtçylyga uçrap, Meni çagyranlarynda, olary diňlemerin. Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.
Выбор основного перевода