Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli». Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe! Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär. Reb: «Maňa garşy bihaýa sözler aýtdyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Biz Saňa garşy näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz. Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris? Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar». Olar: «Hany, Rebbiň geljekdigi barada beren wadasy? Ata-babalarymyz ölenden bäri hemme zat owal-başda nähili ýaradylan bolsa, şonuň ýaly hem dur» diýip ýaňsylarlar.
Выбор основного перевода