Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr.
Soňra ruhany geýimleri bolan uzyn köýnegi, dony, efody we gursakçany getirip, Haruna geýdir. Efodyň nagyşly kemerini dak.
Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit.