Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp. Soň goçy böleklere böl. Onuň içgoşlaryny we aýaklaryny ýuwup, kellesini bir aýry, aýaklaryny bir aýry edip goý. Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler. Soňra gurbanlyk malynyň eýesi ony soýup böleklesin. Ruhany Harunyň ogullary gurbanlyk sypasynyň üstünde odun örüp, ot ýaksynlar. Soňra Harunyň ogullary – ruhanylar böleklenen eti, malyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otda goýsunlar. Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
Выбор основного перевода