Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik. Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler. Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde, Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al. Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir. ýarym put mukdarda hindi dalçynyny al. Bularyň hemmesi mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçensin we dört küýze zeýtun ýagyny al. Ussatlyk bilen garyp, bulardan mesh ýagyny ýasa. Bu mukaddes mesh ýagydyr.
Выбор основного перевода