Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galla sadakasynyň galany Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka örän mukaddes sadakadyr. Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun. Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun. Sadaka berýän petiri dograp, üstüne zeýtun ýagyny guýsun – bu galla sadakasydyr. Eger siziň berýän galla sadakaňyz saçda bişirilen petir çörek bolsa, onda ol saýlama bugdaý unundan edilen hem-de zeýtun ýagyna ýugrulan bolsun. Rebbe şeýle bişirilen galla sadakasyny hödür ediň. Çörek ruhana getirilip berlenden soň, ol ony gurbanlyk sypasynyň ýanyna alyp barsyn. Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Galla sadakasynyň galan bölegi Harun bilen onuň ogullarynyňky bolsun. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka paýy örän mukaddesdir.
Выбор основного перевода