Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim. Soňra Musanyň tabşyryşy ýaly edip, Harun döşleri we sag budy Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy. Onsoň ruhany göterme sadakasy hökmünde olary Rebbiň huzurynda ýokary galdyrsyn. Göterme sadaka hökmünde döş hem, üwreme sadaka hökmünde but hem ruhany üçin mukaddes paýdyr. Şondan soňra nazyr bolan adam şerap içip biler.
Выбор основного перевода