Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra goçlaryň birini al. Harun we onuň ogullary goçuň kellesine ellerini goýsunlar. Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň. Malyň eýesi salamatlyk gurbanlygy üçin hödür edilen janlynyň ähli ýaglaryny: goýnuň türresiniň düýbünden kesilip alnan guýruk ýagynyňdyr içýaglarynyň baryny we garyn içegeleriň daşyndaky ýaglaryň baryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin. Malyň eýesi salamatlyk gurbanlygy üçin hödür edilen janlynyň ähli ýaglaryny: goýnuň türresiniň düýbünden kesilip alnan guýruk ýagynyňdyr içýaglarynyň baryny we garyn içegeleriň daşyndaky ýaglaryň baryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin. Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
Выбор основного перевода