Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger kimde-kim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men ondan ýüz öwrerin we ony Öz halkymdan çetleşdirerin. Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“». Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň. Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip, arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň. Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler. Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!
Выбор основного перевода