Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, Meniň mukaddes öýüme hormat goýuň. Reb Mendirin. Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle. Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowdy. Ol pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. Isa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgydyr, siz bolsa muny garakçylaryň sürenine öwürýärsiňiz» diýdi.
Выбор основного перевода