Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir adam puly ýa-da harydy goňşusyna saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa, onda ogry tutulan ýagdaýynda, goý, ol ogry iki esse tölesin. Eger ogry tapylmasa, öý eýesi öz goňşusynyň zatlaryna el urandygyny ýa-da urmandygyny mälim etmek üçin, Hudaýyň huzuryna getirilsin. Her bir emläk baradaky jedelde, ol öküz, eşek, goýun bolsun ýa-da geýim--gejim bolsun, her bir ýiten mal-gara ýa-da zat üçin biri: „Bu meniňki“ diýip dawa etse, şeýle ýagdaýda iki tarap hem Hudaýyň öňüne gelsin. Hudaý kimi günäkär hasaplasa, ol öz goňşusyna iki esse jerime tölemeli. Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse, goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl. Emma mal amanady saklamaga alan adamdan ogurlanan bolsa, ol adam mal eýesine ýetirilen zyýanyň öwezini tölemelidir. Eger ony wagşy haýwan parçalan bolsa, goý, onuň maslygy subutnama hökmünde getirilsin. Parçalanan mal üçin jerime tölemeli däl. Eger bir adam goňşusynyň malyny wagtlaýyn sorap alandan soňra ýanynda eýesi ýok wagty ol mal ýaralansa ýa-da ölse, maly sorap alan adam onuň bahasyny doly tölemelidir. Emma eýesi şol wagt malyň ýanynda bolsa, sorap alan kişi oňa hiç zat tölemeli däldir. Eger-de mal kireýine berlen bolsa, ýetirilen zyýanyň öwezine diňe kireýiň muzdy tölenmelidir». Gelmişekleriň hukugyny kemsitmäň, olara sütem etmäň. Çünki özüňiz hem Müsürde gelmişek bolup ýaşapdyňyz. Hiç bir dul hatyna ýa-da ýetime ezýet bermäň. Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin. Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar. Eger meniň halkymdan bir garyp biçärä pul karz berseňiz, süýthorlar kimin göterimine bermäň. Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber. Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin. «Eger kimdir biri amanat ýa-da girew goýan kişä biwepalyk etse, ýa-da ogurlyk etse, ýa-da ony aldap, Rebbiň tabşyryklaryny bozsa, Isle ol öz ysraýyl doganyňyz bolsun, isle ýurduňdaky galalarda ýaşaýan gelmişek, garaz, garyp we mätäç günlükçiniň işlän hakyny tutup galmaň. Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn. Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.
Выбор основного перевода