Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. Bir erkek öz gelni bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öldürilsin, çünki bular azgynlyk etdiler. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. Bir erkek aýal bilen jyns gatnaşygyny edişi ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de nejis iş edendikleri üçin öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. Eger bir erkek bir aýala hem-de onuň ejesine-de öýlense, bu azgynlykdyr. Araňyzda azgynlyk bolmaz ýaly, ol adam aýaly we onuň ejesi bilen bile oda ýakylsyn. Eger bir erkek bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol adam-da, haýwan-da öldürilsin. Eger bir aýal bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol aýal-da, haýwan-da öldürilsin. Olar öldürilsin, olaryň ganlary öz boýunlarynadyr. Eger bir adam öz gyz doganyna, kakasynyň ýa ejesiniň gyzyna öýlense, olar köpçüligiň öňünde masgaralanyp, öz halkynyň arasyndan çykarylsyn. Ol adam öz gyz dogany bilen jyns gatnaşygyny edenligi üçin jezalandyrylmalydyr. Eger bir adam aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öz halkyndan çetleşdirilsin, çünki olar tämizlik baradaky kadalary bozdular. Öz daýzaň ýa-da ejekeň bilen jyns gatnaşygyny etme, çünki beýle etmek bilen sen özüňi namysa goýýansyň. Olaryň ikisine-de jeza berilmelidir. Gelnejesi bilen jyns gatnaşygyny eden adam agasyny namysa goýýandyr. Bular öz jezalaryny çekip, dünýäden perzentsiz öterler. Kimde-kim öz gelnejesine öýlense, bu haramlykdyr. Ol öz doganyny namysa goýýandyr, olar perzentsiz öterler.
Выбор основного перевода