Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi. Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eri Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi. Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi. Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi. Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi. Esli wagtdan soň Ýahudanyň aýaly – Şuganyň gyzy aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi. Tamara: «Gaýynataň dowarlaryny gyrkdyrmaga Timna gidýär» diýip habar berdiler. Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi. Ýahuda ony gördi we ýüzi örtülgi bolansoň, ol loludyr öýtdi. Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady. Ýahuda ol aýala: «Öz sürimden bir owlak ibererin» diýip jogap berdi. Ol Ýahuda: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup bilermiň?» diýdi. Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylgy möhüriňi gaýşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy. Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi. Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady. «Eýnaýymda, ýoluň ugrunda azgyn aýal otyrdy, şol niredekä?» diýip, ol ýerli adamlardan sorady. Emma oňa: «Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy» diýip jogap berdiler. Ol Ýahudanyň ýanyna dolanyp geldi we oňa: «Men ony tapmadym, ýerli adamlar hem: „Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy“ diýýärler» diýdi. Ýahuda: «Biziň üstümizden gülmezleri ýaly, goý, ol zatlar şonuňky bolsun. Men owlagy iberdim, ýöne sen ol aýaly tapyp bilmediň» diýdi. Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi. Tamary daşary çykaranlarynda, ol gaýynatasyna şu habary ýollap: «Men, ine, şu möhüriň, gaýşyň hem-de hasanyň eýesinden göwreli boldum. Seret-de, bulary tanap, olaryň kimiňkidigini bil!» diýip, girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberdi. Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol menden has mamla, sebäbi men ony oglum Şela dakmadym». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady.
Выбор основного перевода