Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Hudaýyňyz Reb Mendirin!“ diýip ant içen günümdir.
Выбор основного перевода