Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ysraýyllary talaňçylaryň elinden halas etmek üçin Reb serdarlar saýlap çykardy. Ýageliň zamanynda Anat ogly Şamgar höküm sürende, kerwenleriň yzy kesilipdi, ýolagçylar sowa ýoldan ýöräpdiler. Ysraýyl ýurdunyň hiç bir ýerinde ýekeje-de demirçi ussa ýokdy. Sebäbi piliştliler gylyçdyr naýza ýasamaga ýewreýlere ýol bermeýärdiler. Şoňa görä, ähli ysraýyllar azaldyr kätmenlerini, paltadyr oraklaryny eltip, piliştlilere çarhladardylar. Azal we kätmen çarhlatmagyň nyrhy bir ýarym mysgal kümşe, paltadyr orak çarhlatmagyň nyrhy bolsa bir mysgal kümşe barabardy. Şol sebäpli uruş wagtynda Şawul bilen Ýonatanyň adamlarynyň elinde ne gylyç, ne-de naýza bardy. Bu ýaraglar diňe Şawul bilen onuň ogly Ýonatanda bardy.
Выбор основного перевода