Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şol basylyp alynmaly ýerler şulardyr: piliştlileriň, geşurlaryň ähli ýerleri, günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir. Şeýle-de kenganlaryň tutuş ýeri, sidonlylara degişli Megary bilen amorlaryň araçägi Apege çenli bolan ýerler. Geballylaryň ýerleri, bütin gündogar Liwan, Hermon dagyna golaý ýerleşen Bagalgatdan tä Lebohamat girelgesine çenli bolan ýerler. Liwandan Misrepot Maýyma çenli ähli daglyklar we olaryň ähli ilaty, hatda sidonlylaryň ählisi hem degişlidir. Olary ysraýyllaryň öňünden Meniň Özüm kowup çykararyn. Ýöne sen bu ýerleriň hemmesini Meniň buýruşym ýaly, bije atyp, ysraýyllaryň dokuz tiresine we günbatardaky manaşa tiresine mülk edip paýlap ber».
Выбор основного перевода