Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi. Sorga bilen Eştawolyň aralygyndaky Mahanadanda bolanda Şimşony Rebbiň Ruhy galkyndyryp başlady. Rebbiň Ruhy oňa indi, ol Aşkelona gidip, ol ýerde otuz adamy öldürdi. Olaryň eşigini sypyryp aldy-da, mataly çözenlere bir laý köýnek getirip berdi. Onsoň ol gazaba münüp, öz kakasynyň öýüne gaýtdy. Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň Ruhy güýç bilen Şimşona inip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözülip gitdi. Şawul ol sözleri eşidende, Hudaýyň Ruhy onuň kalbyny eýeledi. Şawulyň gaty gahary geldi. Emma Dawut Şawula şeýle diýdi: «Men guluň öz kakamyň goýunlaryny bakardym. Ýolbars ýa-da aýy gelip, sürüden bir guzyny alaýsa, men onuň yzyndan ýeterdim-de, ony öldürip, guzyny agzyndan alardym. Bardy-geldi ol maňa topulaýsa, sakgalyndan tutardym-da, ony urup öldürerdim. Ýehoýadanyň ogly Benaýa uly edermenlikler görkezen kabseýelli batyr ýigitdir. Ol mowaply arslan ýürekli iki edermen urşujyny öldürdi, şeýle hem ol garly gün çukuryň içinde bir ýolbarsy öldürdi.
Выбор основного перевода