Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ybraýym öýüniň iň ulusyna, özüniň ähli işlerini dolandyrýan hyzmatkärine şeýle diýdi: «Eliňi uýlugymyň astynda goý-da, ogluma häzirki ýaşaýan ýerimdäki halkdan, Kengan gyzlaryndan gelinlik tapmajakdygyňa Gögüň we Ýeriň Hudaýy Rebden ant iç. Meniň dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň arasyna git-de, oglum Yshaga gelinligi şol ýerden tapyp getir». Yshak Ýakuby öz ýanyna çagyryp, oňa pata hem tabşyryk berip, şeýle diýdi: «Sen het gyzlaryna öýlenme! Sen Padanarama, babaň Betuweliň öýüne git-de, şol ýerde daýyň Labanyň gyzlaryndan birine öýlen. Dawut ýanyndakylardan: «Bu piliştlini öldürip, Ysraýyly şu aýypdan dyndarana näme ediljek diýdiňiz? Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz kim bolupdyr?» diyip sorady. Guluň ýolbars-da, aýy-da öldürip gördi. Bu sünnetsiz piliştli hem şolaryň gününe düşer, çünki ol diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berdi». Gatlylara aýtmaň muny, Aşkelonyň köçelerinde ýaýmaň. Ýogsam piliştlileriň gyzlary joşar, sünnetsizleriň gyzlary heşelle kakar.
Выбор основного перевода