Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Aýalynyň kakasy oňa: «Sen öz aýalyňdan ýüz öwrensiň öýdüp, men ony toý wagtynda saňa iň ýakyn dost bolana äre berdim. Ine, onuň kiçi gyz jigisi ondan hem owadan dälmi? Aýalyňyň deregine, belki, şuny alarsyň?» diýdi. Piliştliler: «Muny kim beýle etdikä? Bu timnalynyň giýewsi Şimşonyň işidir, sebäbi onuň gaýynatasy Şimşonyň aýalyny toý wagtynda Şimşona dost bolana alyp berdi» diýdiler. Şonuň üçin piliştliler ol aýaly we onuň kakasyny otladylar. Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.
Выбор основного перевода