Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
«Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa aýal nazyr bolmaga kasam içip, özüni Rebbe bagyş etse, onda ol şerapdan we çakyrdan datmasyn. Şerap sirkesini-de, başga sirke-de ulanmasyn, üzüm şerbedini-de içmesin, ter üzüm-de, kişmiş-de iýmesin. Nazyrlyk döwrüniň bütin dowamynda üzümden öndürilen hiç bir zady, hatda üzümiň gabygyny ýa dänesini-de agzyna almasyn. Nazyr bolmaga kasam içen döwrüniň bütin dowamynda onuň kellesine hiç bir päki degmesin, özüni Rebbe bagyş eden günleri gutarýança, nazyr bolan adam mukaddesdir, ol saçyny ösdürsin. Ol üzümden öndürilen zatlary iýmesin; şerap, çakyr datmasyn, haram zatlardan asla iýmesin. Aýalyň meniň buýranlarymyň ählisini berjaý etmelidir» diýdi. Şimşon ahyrsoňunda oňa öz ýüregini açdy: «Men entek ejemiň göwresindekäm Hudaýa nazyr bolandygym üçin, meniň kelläme heniz päki degen däldir. Eger meniň saçym syrylsa, güýjüm menden gider; meniň güýjüm gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez». Çünki ol Rebbiň nazarynda beýik bolar. Ol hiç haçan agzyna şerap we içgi almaz. Ol heniz enesiniň göwresindekä, Mukaddes Ruhdan dolar.
Выбор основного перевода