Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler. Ybraýym howlukmaç çadyra, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap» diýdi. Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi. Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy. Gidegon gidip, bir owlak soýdy we bir batman undan petir bişirdi. Eti sebede saldy, çorbasyny küýzä guýdy we bulary getirip, dub agajynyň aşagynda Onuň öňünde goýdy. Rebbiň perişdesi onuň aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň-da, göwreli bolarsyň we bir ogul dograrsyň.
Выбор основного перевода