Ýakup ondan: «Seniň adyň näme?» diýip sorady. Ol: «Meniň adymy näme üçin soraýarsyň?» diýip, şol ýerde Ýakuba pata berdi.
Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, onuň daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunçdy. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady.