Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftahy alyp gaýtmak üçin Top ülkesine gitdiler. Olar Ýeftaha: «Sen gel-de, bize serkerde bol, ammonlylar bilen urşaly» diýdiler. Emma Ýeftah olara: «Meni ýigrenip, atamyň öýünden kowanlar siz dälmi, eýsem? Bu günki gün başyňyza iş düşende, men size gerek boldummy?» diýdi. Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftaha: «Şeýle bolan bolsa-da, biz indi saňa tarap öwrüldik. Ýör, bile ammonlylaryň garşysyna söweşeli! Sen biziň üstümizden, tutuş Gilgat halkyna baştutanlyk et!» diýdiler. Ýeftah olara: «Eger-de siz ammonlylar bilen söweşmek üçin meni yzyma alyp gitseňiz, Reb hem olary meniň elime berse, şonda men baştutanyňyz bolaryn» diýdi. Gilgat ýaşululary Ýeftaha: «Bize Reb şaýat bolsun, biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler. Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi. Halk ony özüne baştutan we serkerde edip saýlady. Ýeftah şonda Mispada Rebbiň huzurynda söz sözledi.
Выбор основного перевода